Türkmenistan ŞHG-niň sammitine gatnaşar

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) nobatdaky sammiti 2025-nji ýylyň güýzünde Hytaýyň Týanszin şäherinde geçiriler. Oňa Türkmenistan hem gatnaşar.

Hytaýyň başlyklyk etmeginde geçiriljek sammit guramanyň ösüşinde täze sahypanyň açylmagyna sebäp bolar we «Hytaý ýylynyň» esasy wakalarynyň birine öwrüler.

Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlislerine adaty gatnaşýan ýurtlaryň hatarynda synçy döwlet hökmünde Mongoliýa we başlyklyk edýän döwletiň myhmany hökmünde Türkmenistan bar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) döredilenine 24 ýyl boldy. ŞHG häzirki zaman halkara gatnaşyklary ulgamynyň iň möhüm guramalarynyň birine öwrüldi. Guramanyň umumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakdaky hem-de täze demokratik, adalatly we ykdysady dünýä tertibini gurmakdaky orny yzygiderli ýokarlanýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok