Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzyň ýaş nesliniň hemmetaraplaýyn ösmegi, olaryň döredijilik we zehin başarnyklarynyň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim we ýaşlar syýasatynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ýaşlaryň watansöýüjilik ruhuny, ylmy we döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
Şu maksatlara laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda “Suhangöýlük” sungaty boýunça bäsleşik 2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Bäsleşigiň maksady zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň döredijilikli pikirlenmek, çykyş etmek we ýolbaşçylyk başarnyklaryny kämilleşdirmek, ene dilimiziň baý söz hazynasyny açyp görkezmek hem-de ýaşlaryň dil taýdan ösüşine itergi bermekden ybarat boldy.
Bäsleşigiň ilkinji tapgyry 12-nji aprelde ýazmaça test görnüşinde geçirilip, oňa jemi 40 talyp gatnaşdy. Netijede, 6 talyp ikinji tapgyra gatnaşmaga mümkinçilik gazandy. Bu tapgyrda ilki bilen “Türkmenistanyň daşary syýasaty we hemişelik Bitaraplygy” mowzugynda çykyşlar boldy.
“Suhangöýlük” bäsleşigi ýaşlaryň döredijilik we medeni dünýägaraýyşlaryny ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýe boldy. Şeýle mümkinçilikleri döredýän hormatly Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk bildirilýär. Olaryň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Sylapberdi ATABAÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň
Ykdysadyýet fakultetiniň talyby.
Teswirler