Birleşen Milletler Guramasyndan gelen hoş habar Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da ýokarlanýandygyny görkezýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
29-njy martda Arkadag şäherinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahat üstünlikli geçirildi. Bu çäre Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygyna bagyşlandy. Forum halkara jemgyýetçilige-de uly täsir ýetirdi we maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibine goşuldy.
Bu waka Türkmenistanyň çagalaryň abadançylygyna gönükdirilen syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär. BMG-niň gün tertibindäki “Parahatçylyk medeniýeti”, “Durmuş taýdan ösüş”, “Parahatçylyk döredijilik we goramak”, “Çagalaryň hukuklaryny goramak” ýaly mowzuklar hem şu ugurlar bilen baglydyr. Şeýle-de, Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda bu başlangyçlaryň giňden goldanylmagy hem ýurduň hemişelik bitaraplyk hukuk derejesiniň gaýtadan tassyk edilmeginiň ýerliklidigine şaýatlyk edýär.
Myrat KAKAJANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh
fakultetinin dünýä taryhy kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler