Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2025-2026-njy okuw ýylynda ýokary okuw mekdebimize okuwa girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary üçin 2025-nji ýylyň 7-nji maýynda we 14-nji maýynda sagat 15:00 -da “Açyk gapylar” gününi geçirýär.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň institutda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze ýöriteleşdirilen okuw otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport toplumynyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen “Açyk gapylar” gününde bagtyýar ýaşlarymyz tanşyp bilerler.
Teswirler