Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Montana we Waýoming ştatlarynda resmi saparlary amala aşyrdy. Saparyň çäginde bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri öwrenildi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Resmi duşuşyklaryň çäklerinde Ilçihananyň konsuly S.Pirmuhammedow Montana ştatynyň Billings şäherindäki Montana döwlet uniwersitetinde (MSUB) hem-de Waýoming ştatyndaky Nort West kollejinde saparda bolup, bu okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşyklarda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen akademik hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
MSUB-niň rektory Stefani Hikswa, Nort West kollejiniň prezidenti Liza Watson we Waýoming uniwersitetiniň daşary ýurtly talyplar boýunça bölüminiň direktory Jill Jonson bilen geçirilen duşuşyklarda birnäçe ugurlar boýunça bilim alyş-çalyş mümkinçilikleri seljerildi. Hususan-da, ykdysadyýet, maliýe, lukmançylyk, iňlis dili we edebiýaty, oba hojalygy, energetika ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri göz öňünde tutuldy.
Saparyň dowamynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylygyň we diplomatiýanyň 30 ýyllygy” atly tanyşdyryş çäreleri hem geçirildi. MSUB bilen Nort West kollejiniň professor-mugallymlarynyň, ýolbaşçylarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda guralan çykyşda konsul S.Pirmuhammedow ýurdumyzyň daşary syýasat ýörelgeleri we halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berdi.
Çykyşlardan soň gatnaşyjylar bilen sorag-jogap alyşmalary guraldy. Duşuşyklar gatnaşyjylaryň bitaraplyk, sebit hyzmatdaşlygy we Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar baradaky gyzyklanmalaryny beýan etmekleri bilen dowam etdi.
Saparyň dowamynda konsul S.Pirmuhammedow bu ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen hem duşuşdy. Duşuşykda talyplaryň okaýyşlary, şertleri we geljekki meýilnamalary barada pikir alyşyldy.
Ogulşirin Nökerowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler