Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen mugallymlaryň zähmetine ýokary baha berilýär. Bu bolsa mugallymlary her bir sapaga, okuw-terbiýeçilik işlerine döredijilikli çemeleşmäge, ýaş nesillere bilim-terbiýe bermegiň netijeli usullaryny gözlemäge ruhlandyrýar. Şunda mugallymyň okadýan okuwçylarynyň ynamyny gazanyp, kalbyna barýan ýoly tapyp bilmegi möhümdir.
Bilimiň kämilligine çäk ýok. Döwür ösdügiçe, bilim, ylym ulgamy hem ösýär. Her bir geçen gün bilimiň bir görnüşini ulansa, geljek her bir gün bilime ýene bir täzeligi alyp gelýär. Mekdep bilim ulgamyny düýpgöter özgertmek ýurdumyzyň geljegini, onuň durmuş-ykdysady we ruhy-medeni ösüşini kesgitleýän baş şertleriň biri bolup durýar. Ol okuwçylarda umumy medeniýeti, intellektual taýýarlygy we zerur bolan iş endikleri kemala getirmäge, ösüp barýan nesli syýasy, zähmet, ahlak, estetiki we fiziki taýdan terbiýelemäge, olary döredijilik dünýäsine ugrukdyrmaga, olaryň zehinlerini açmaga we kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Bilim her bir ynsanyň durmuşyna röwşenlik çaýyp, onuň ykbalynda uly ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döwrebap bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleriň kemala gelmegi üçin giň şert-mümkinçilikler döredilýär. Häzirki zaman multimediýa enjamlary, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze, döwrebap bilim ojaklarynyň sany barha artýar. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere ýadygärlik sowgat hökmünde kompýuterleriň gowşurylmagynyň özem Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklarynyň döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýandygynyň güwäsidir.
Okuwçylaryň geçilýän tema, öwrenilýän täze okuw maglumatlaryna has-da içgin düşünmeklerini gazanmak üçin mugallym olaryň sapaga işjeň gatnaşmaklaryny, onuň dowamynda okuwa degişli dürli ýumuşlar bilen meşgul bolmagyny gazanmaga çalyşmalydyr. Okuwçylaryň sapaga işeňňir gatnaşmaklaryny gazanmak üçin, ilki bilen, mugallymyň özi döredijilikli işlemelidir. Munuň üçin okuw sapaklarynda dürli soragnamalardan, barlagnamalardan peýdalanmaga köp üns bermeli. Şeýle-de okuwçylaryň hemmesiniň sapaga işjeň gatnaşmagyny gazanmaly. Munuň özi sapagyň täsirliligini artdyrmaga ýardam berýär we bu ugurda täze mümkinçilikleri döredýär. Bularyň ählisi döwrebap bilim özgertmeleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny aýdyň beýan edýär.
Ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy ugrunda oňyn başlangyçlary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Eziz Watanymyzyň bagtly geljegine gönükdirilýän tutumly işleri hemişe rowaçlyga beslensin!
Madina AHMEDOWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler