Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar berişi ýaly, 22-nji aprelde Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde II halkara matematika olimpiadasy öz işine başlady. 23-nji aprelde bolsa, günüň birinji ýarymynda okuwçylar olimpiadanyň şahsy tapgyryna gatnaşdylar. Bäsleşik ýokary derejede guramaçylykly, ýokary taýýarlykly we adalatly ýagdaýda geçirildi. Türkmen paýtagtynda ýaş matematikleriň gatnaşmagynda guralan bu halkara olimpiadanyň netijeli geçmegi üçin ähli zerur şertler döredildi.

Olimpiada bilen bilelikde, wekiliýetleriň ýolbaşçylary bäsleşik geçirilýän bilim merkezindäki okuw-terbiýeçilik işleriniň gidişi bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynda bolup, onuň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Bu gezelenç halkara ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin möhüm ädim boldy.

Günüň ikinji ýarymynda bolsa, wekiliýet agzalary hem-de olimpiada gatnaşyjy okuwçylar paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýine we «Nusaý» medeni-taryhy ýadygärligine baryp gördüler. Bu gezelençler olimpiadanyň baý we täsirli meýilnamasynyň ýatdan çykmajak pursatlarynyň biri hökmünde ýüze çykdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok