Kiberhowpsuzlyk ukyplary ösdürilýär

2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde “Sanly Çözgüt – IT meýdança” hojalyk jemgyýetiniň edara binasynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary üçin kiberhowpsuzlyk boýunça türgenleşik geçirildi.

Bu çäre, gatnaşyjylaryň maglumat howpsuzlygy boýunça hünär başarnyklaryny ösdürmek, sanly tehnologiýalara bolan ukyplaryny ýokarlandyrmak hem-de bu ugra bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak maksady bilen guraldy.

Türgenleşik, dünýäde giňden tanalýan Capture the Flag (CTF) görnüşindäki ýumuşlary çözmek esasynda geçirildi. Mugallymlar we talyplar özara tejribe alyşdylar hem-de dürli derejedäki wezipeleri ýerine ýetirmek arkaly belli bir netijelere eýe boldular.

Netijede, bu kibertürgenleşikde tapawutlanan talyplar ýurdumyzyň çäginde geçirilýän “Kiberbäsleşigiň” birinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bu çäre, ýurdumyzda kiberhowpsuzlygyň ösdürilmegine we ýaşlaryň bu ugurda taýýarlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna möhüm goşant bolup hyzmat edýär.

Şamuhammet HOJAGULYÝEW,

Türkmenistanyň Telekomunikasiýa we
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok