Hormatly Prezidentimiz ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerine ýokary baha berýändigini aýtdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkantda geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitde çykyş edip, Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ykdysadyýet, maýa goýumlar, energetika, ulag we söwda ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.


Döwlet Baştutanymyz Türkmenistany Ýewropa Bileleşigi bilen täzelenýän energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşmaga çagyrýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň bu ugurda netijeli energiýa dialogyny täze derejä çykarmaga we anyk çäreleri görmäge taýýardygyny belledi.


Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gündogar bilen Günbataryň arasynda ulag we kommunikasiýa infrastrukturalaryny döretmegiň möhüm ähmiýetini aýdyp, Hazarüsti ugry aýratyn belläp geçdi. Ol Türkmenbaşy portunyň mümkinçilikleriniň we ýurdumyzyň ýol ulgamynyň bu taslama hyzmat etmäge taýýardygyny nygtady.

Maýagözel ANNAORAZOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok