2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ýewropa Bileleşiginiň “Merkezi Aziýada durnukly energetika arabaglanyşygy” taslamasynyň çäklerinde halkara maslahat geçirildi. “Bitaraplyk derejesi – durnukly energiýanyň ösüşiniň kepili. Energiýa we howa şertleriniň utgaşykly seljermesi üçin ulgamlaýyn pikirlenme. Türkmenistanda durnukly energiýanyň ösüş aýratynlyklary” atly maslahata Italiýadan, Horwatiýadan, Gruziýadan, Latwiýadan, Gazagystandan halkara bilermenler, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekilleri, şeýle hem institutyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlary we talyplary gatnaşdylar.
Maslahat başynda gatnaşyjylar institutyň baş binasynyň eýwanynda gurnalan ylmy işleriň sergisi bilen tanyşdylar. Maslahatyň dowamynda energiýany tygşytlamagyň ähmiýeti, ýurduň dürli pudaklarynda alnyp barylýan çäreler we bu ugurda gazanylan üstünlikler hakynda çykyşlar diňlenildi.
Şeýle hem ýaşlaryň ekologiýa, howanyň üýtgemegi, oba hojalygynyň uýgunlaşmagy, “ýaşyl” ykdysadyýet we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri baradaky düşünjelerini ösdürmek, olaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatda Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşmagyna gönükdirilen çäreler aýratyn nygtaldy. Taslamanyň çäklerinde professor-mugallymlaryň we ylmy işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen energiýany netijeli ulanýan innowasion tehnologiýalar boýunça okuwlar 2 tapgyrda geçirildi we gatnaşyjylara sertifikatlar gowşuryldy.
Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň durnukly ösüş we ählumumy parahatçylyk üçin ähmiýetini belläp geçdiler we hormatly Prezidentimize bu ugurda alyp barýan giň gerimli işleri üçin minnetdarlyk bildirdiler.
Oraz RAHMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler