Ýetginjekler üçin gadagan edilen hünärleriň sanawyna iki sany täze wezipe goşuldy

Türkmenistanda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň buýrugy bilen 18 ýaşa ýetmedikleriň zähmetiniň pagta ýygmakda ulanylmagy gadagan edildi.

Buýruga görä, ýetginjekler üçin gadagan edilen hünärleriň sanawyna «Pagta ýygymçy» we «Pagtaçy» diýen iki sany täze wezipe goşuldy.

Täze buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hasaba alyndy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok