Sport — sagdynlygyň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär. Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar. Munuň özi nesil sagdynlygyny gazanmakda ähmiýet berilmeli ýagdaýdyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ynsan saglygyny goramakda sport esasy orunda durýar. Şeýle hem sport parahatçylyk, dostluk, sagdynlyk we ruhubelentlik ýaly taglymatlary özünde jemleýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagynda, bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagynda, ýokary netijeli sportuň we olimpiýa hereketiniň ösmeginde hormatly Prezidentimiziň nusgalyk görelde görkezýändigini aýratyn nygtamak guwandyryjydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamynyň barha kämilleşýändigine, türkmen sportunyň dünýädäki abraýynyň belende göterilýändigine türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri, paýtagtymyzda yzygiderli geçirilýän abraýly sport ýaryşlary hem şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga ilaty, öňi bilenem, ýaşlary çekmäge uly üns berilýär. Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, ulanmaga berlen döwrebap stadionlar, sport desgalary, sport mekdepleri hem-de atçylyk sport toplumlary sporta höwesekleriň söýgüli mekanyna öwrüldi. Ýurdumyzda sportuň ösdürilmeginiň halkyň saglygyny goramakda we berkitmekde, jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň berkararlygyny gazanmakda ähmiýeti uludyr. Döwlet Baştutanymyzyň ýöredýän sport syýasatynyň rowaç almagy Türkmenistan döwletimiziň halkara sport abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Şu ýylyň sentýabr aýynyň başynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň bir agyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi. Dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmeginde kabul edilen bu Kararnama onuň bütin adamzat üçin möhümdiginiň we örän uly ähmiýete eýediginiň beýany boldy. Elbetde, bu guwançly waka Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryna esaslanýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parasatly daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Jemläp aýdanymyzda, ýurdumyzyň sport diplomatiýasyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygynyň nobatdaky güwäsi bolan «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraý-mertebesiniň nobatdaky ykrarnamasydyr.

Dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň dabaralanmagy ugrunda netijeli başlangyçlary öňe sürýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun.

Leýli ANNAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok