SPORT – SAGLYGYŇ GÖZBAŞY

Ynsan öz ýaşaýan ömrüniň dowamynda saglygy barada alada etmelidir. Kesel emele gelip, bejergi almak däl-de, kesel döremänkä onuň öňüni almak möhümdir.

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak adamyň saglygynyň gözbaşydyr. “Sagdyn bedende – sagdyn ruh” diýlişi ýaly, sport bilen meşgullanmak bilen ynsan diňe bir fiziki taýdan sagdyn bolman, eýsem ruhy taýdan hem gözelleşýär. Sportuň futbol, wolleýbol, basketbol, el pökgüsi, tennis, boks, göreş, biatlon, hokkeý, buzda typmak, ýeňil atletika, agyr atletika, lyžada ýaryşmak, suwda ýüzmek, at çapmak, tüpeň atmak, küşt, şaşka, sambo, futzal, motorda we welosipedde ýaryşmak we beýleki görnüşleri bar. Dürli agyrlyk derejeleri bolan sport oýunlary bilen meşgullanmak bedeniň dogry terbiýelenmegine getirýär. Bedenterbiýe oýunlarynda bedeniň herekete gelmegi bilen, ondaky zäherli maddalar bölünip çykýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda halkymyzyň islendik ýaşdaky wekilleriniň sport bilen meşgullanmagyna uly şertler döredilendir. Welosiped sportuny ösdürmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ululy-kiçili sport mekdepleriniň, sport toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, bu toplumlaryň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy ösüp gelýän ýaş nesillerde sporta bolan höwesi has hem güýçlendirdi. Sport ýaryşlarynyň yzygiderli gurnalmagy we bu ýaryşlarda türkmen ýaşlarynyň baýrakly orunlara mynasyp bolmagy Türkmenistan Watanymyzyň halkara derejede abraýyny beýgeldýär.

Ata Watanymyzda türkmen halkynyň sagdyn durmuşda ýaşamagy ugrunda bimöçber tagallalar edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly sagbolsun aýdýarys! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, Watanymyzda sporty ösdürmekde alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

Göwher OTUZOWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
Uniwersitetiniň akuşerçilik we
ginekologiýa boýunça Diplomdan soňky
taýýarlyk Kafedrasynyň assisenti,
lukmançylyk Ylymlarynyň kandidaty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok