Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynda (TTII) taslamalaryň tanyşdyryş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.
Duşuşykda birnäçe täze tehnologiýa we innowasiýa başarnykly taslamalarynyň üstünliklerini paýlaşyldy. Bu taslamalar ulgamyň çylşyrymlylygyny ýönekeýleşdirmäge we tehnologiýalaryň ösüşini ösdürmäge gönükdirilendir.
Duşuşygyň dowamynda taslamalar barada giňişleýin beýan edildi. Muhammetdurdyýew Begenç önümçilik prosesi awtomatlaşdyrmak, Arslan Çaryýew tehniki howpsyzlyk žurnalyny awtomatlaşdyrmak, Jumageldi Serdarow Türkmen dilinde emeli aň bolan çatbot döretmek, Nazym Maksadow howplary hasaplamak we analiz etmek üçin “Threat hasaplaýjy” taslamasyny, Atamyrat Şukurow internet söwdasy üçin Marketplace platformasyny we ERDU taslamasyny, Kuwwat Abraýew wideogözegçilik we ýangyn duýduryş ulgamy barada simulýasiýa taslamalasyny tanyşdyrdy. Bu taslamalar tehnologiýalaryň ösüşini we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, bilim we işewürlik ulgamyny täze döwürde ösdürmäge gönükdirilendir.
Duşuşyga gatnaşyjylar TTII-niň taslama sergisine aýlandylar hem-de institutyň muzeýine aýlanyp, taryhy bilen tanyş boldular.
Bu taslamalar häzirki zaman tehnologiýalaryny üstünlikli ulanyp, bilim ulgamyny ösdürmäge, howpsuzlygy ýokarlandyrmaga we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda innowasiýa çözgütlerini hödürlemäge gönükdirilendir.
Teswirler