Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde fewral-mart aýlarynda sanly ulgam arkaly halkara okuw-usuly maslahaty we olimpiadalar geçiriler. Bu barada Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
28-nji fewral – Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli «Dil – hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahaty geçiriler.
10-15-nji mart – Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasy geçiriler.
18-nji mart – Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasy geçiriler.
Bu halkara çäreler sanly ulgam arkaly guralyp, dünýäniň dürli ýurtlaryndan talyplaryň we alymlaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Olaryň hatarynda Russiýa, ABŞ, Hytaý, Koreýa Respublikasy, BAE, Awstriýa, Germaniýa, Rumyniýa, Türkiýe, Belarus, Malaýziýa, Gazagystan we Özbegistan ýaly ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýaş nesliň bilim derejesini ýokarlandyrmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen bu teklibi makullady. Döwlet Baştutany wise-premýere degişli işleri geçirmek boýunça tabşyryklary berdi.
Teswirler