Ajaýyp zamanamyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda biz — ýaşlar baradaky alada ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, ruhy we beden taýdan sagdyn, hünärli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşlar ýurdumyzda dürli ugurlarda amala aşyrylýan işlerde özleriniň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn görkezýärler, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, jemgyýetimiziň sagdynlaşmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda sanly ulgamy ösdürmek, bilimlere, innowasiýalara we ösen jemgyýete daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän ykdysadyýetiň pudaklaýyn ösüşini dowam etdirmek ýaly möhüm ugurlar kesgitlenendir. Bilimlere we innowasiýalara daýanýan ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugur hökmünde kesgitlenilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Şunda bilimli hünärmenlere, döwrebap mümkinçiliklere, sanly ulgama düşünýän ýaşlara möhüm ornuň degişlidigini hem bellemek gerek. Munuň özi döwrebap tehnologiýalaryň we öňdebaryjy dünýä tejribeleriniň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny, geljege niýetlenen özgertmeleriň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmekde, kämil bilimli, ylymly, giň gözýetimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde mugallymlaryň öňünde uly wezipeler durýar. Şol belent maksatlary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli şertler we mümkinçilikler bar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmek üçin ähli şertleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Emine OGŞUK,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler