«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna 17.000 € pul sowgady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çözgüdi bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna, Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, ýokary derejeli baýraklara mynasyp bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna 1000 ýewrodan jemi 17 000 (on ýedi müň) ýewro pul baýragyny gowşurmaga ygtyýar berildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok