Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki degişli gulluklaryň işine nägilelik bildirdi

31-nji ýanwarda, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde harby we hukuk goraýjy edaralaryň Arkadag şäherindäki bölümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Degişli bölümleriň ýolbaşçylary häzirki döwürde gözegçilik edýän gulluklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdiler.

Hasabatlarda Arkadag şäherinde kanunçylygy berk berjaý etmek, tertip-düzgüni pugtalandyrmak, ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri barada maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, harby we hukuk goraýjy bölümleriň täze şäherdäki ýolbaşçylary degişli düzümleriň gulluklary bilen bilelikde iş alyp barýarlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Arkadag şäherinde tertip-düzgüni berjaý etmek babatda alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýola goýulmaýandygyny, harby we hukuk goraýjy bölümleriň işgärleriniň ýerine ýetirýän işlerine gözegçiligiň gowşadylandygyny belläp, olaryň guramaçylyk derejesine nägilelik bildirdi. Aýratyn-da, şäheriň çäklerinde düzgün-tertibiň berjaý edilişine gözegçilik etmeli gulluklaryň wekilleri bu işleri ünsden düşürdiler. Şeýle hem ýol-ulag düzümine degişli we beýleki gulluklaryň işi häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeýär. Bular barada aýtmak bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow degişli düzümleriň ýolbaşçylaryna gözegçilik edýän gulluklarynda ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi we işleri sazlaşykly ýola goýmagy tabşyrdy.

Gahryman Arkadagymyz: “Watan öňündäki kasamyňyza wepaly bolup gulluk etmegiňizi hemmäňizden talap edýärin. Eger-de borjuňyzy ýerine ýetirmeseňiz, onda siziň özüňiz harby we hukuk goraýjy edaralar bolup düzgün-nyzamyňyzy ýerine ýetirmändigiňiz barada degişli temmiňizi alarsyňyz” diýip, olara berk tabşyryk berdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok