Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy tarapyndan taýýarlanan kitap talyplar üçin ähmiýetlidir.
Türkmen edebiýatynyň taryhynda tebigat temasy möhüm orun eýeleýär. Bu ugurda täze ylmy gollanma – «XVIII asyr türkmen edebiýatynda adam we tebigat gatnaşyklary» atly okuw kitaby çap edildi. Kitap Ogulbäbek Amandurdyýewa tarapyndan taýýarlanyp, «Ylym» neşirýaty tarapyndan neşir edildi.
Täze okuw gollanmasynda:
XVIII asyr türkmen edebiýatynda ynsanyň tebigat bilen gatnaşyklarynyň mazmuny we usullary;
Watan tebigatyna bolan söýginiň watançylyk we ekologiýa terbiýesindäki ähmiýeti;
Tebigatyň şahyrana döredijilige täsiri we gözellik duýgularynyň ösüşi giňişleýin beýan edilýär.
Kitabyň maksady:
Bu okuw gollanmasy talyplara we mugallymlara ekologiýa terbiýäni bermekde, tebigatyň edebiýatyň gözbaşyndaky orny barada düşünje bermekde möhüm ylmy esas bolup durýar. Kitap ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna, mugallymlaryna, aspirantlaryna we edebiýata gyzyklanýan okyjylara niýetlenendir.
Çeşme: education.gov.tm
Teswirler