Türkmen pedagoglary Fransiýada tejribe alyşdy

Fransiýanyň Lion şäherinde 2024-nji ýylyň 5-7-nji noýabry aralygynda geçirilen “Resmi däl bilimi we özbaşdak öwrenilen hünär endiklerini ykrar etmek ulgamyny kämilleşdirmek” atly halkara seminara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ygtyýarlylandyrmak we bilim hakynda daşary ýurt resminamalaryny ykrar etmek bölüminiň başlygy T. Gulamow gatnaşdy. Çäre Ýewropa Bilim Gaznasy (ÝBG) we Fransiýanyň AFPA agentligi tarapyndan gurnaldy we resmi däl bilimiň ykrar edilmegi boýunça dünýä ýurtlarynyň tejribe alyşmagyny maksat edinýär.

Seminaryň esasy maksady gatnaşyjy döwletlere Fransiýanyň VAE (Валидация накопленного опыта) – “Tejribäniň ykrar edilmegi” ulgamyny tanyşdyryp, milli ulgamlarda bu ugurdan täze özgertmeleriň ornaşdyrylmagyna ylham bermekden ybarat boldy. Fransiýanyň ulgamda toplanylan usullary we tejribeleri boýunça maglumat paýlaşyldy, wekilçilik edýän ýurtlar üçin möhüm tejribelerden peýdalanmak üçin şert döredildi. Çärä Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, şol sanda Balkan we Gündogar Ortaýer deňzi ýurtlaryndan wekiller gatnaşdy.

Türkmenistanda resmi däl bilimiň ykrar edilmegini kämilleşdirmek işleri alnyp barylýar. Bu işler çäklerinde hünär derejelerini bahalandyrmak we ykrar etmek üçin ýol kartasynyň, Milli hünär derejeler çarçuwasynyň taýýarlanylandygyny, degişli kanunçylyga üýtgetmeleriň girizilmegi boýunça işleriň dowam edýändigini bellemek bolar. Şeýle hem bu ugurda Türkmenistanyň Bilim we Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk güýçlendirilýär.

Seminaryň soňunda gatnaşyjylar Fransiýanyň milli mirasy bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe boldular. Türkmenistanyň bilim we zähmet ugurlaryndan wekilleriň gatnaşmagy, bilim ulgamynyň hilini gowulandyrmak we hünär-tehniki okuwlary ösdürmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok