Halk hakydasy nesilleriň terbiýe mekdebidir

Türkmen halkymyz asylly ýörelgelere, milli däp-dessurlara belent sarpa goýýar. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda Hatyra güni hökmünde merdana pederlerimiz ýatlanylýar. Ynha, şu ýylyň 6-njy oktýabrynda — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlaryň hormatyna paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirildi. Munuň özi milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam edilýändiginden nyşan bolup, merdana pederleriň ruhuna tagzymdyr.

Döwlet Baştutanymyz 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, «Ruhy tagzym» ýadygärligine, şeýle-de faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de ata Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde wepat bolan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy. Soňra ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gül desselerini goýdular. Hormatly ýaşulular, talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olaryň göreldesine eýerdiler.

Mälim bolşy ýaly, öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar eden ýertitremede wepat bolan watandaşlarymyz hakydalarda baky ýaşaýar. Şol aýylganç gijede hormatly Prezidentimiziň garry atasy, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapy kesildi. Sähel pursatda türkmen paýtagtyny weýran eden şol pajygaly gijede diri galanlar tutanýerliligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler.

Häzirki ajaýyp döwrümizde biziň her birimiz ýurdumyzyň parahatlygyna, halkymyzyň agzybirligine buýsanýarys. Bu günki günde ata-babalarymyzyň merdanalyk ýoluna belent sarpa goýýarys.

Aýsona ORAZGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok