Garaşsyzlyk bagt getirdi halkyma

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň belent tutumlary bilen galkynýan ýurdumyzda ähli halkymyz agzybirlikde, uly ruhubelentlik bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny toýlady. Ata Watanymyzyň ähli welaýatlarynda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde aýdym-sazyň joşguny belentden ýaňlandy. Buýsanç bilen bellemeli zatlaryň biri hem ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Her ýyl baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçirilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bu maslahatda ata Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda asuda ýaşaýşynyň belent derejelerini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm ähmiýetli kararlaryň birnäçesi kabul edildi.

Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde dünýä jemgyýetçiligini haýrana goýan tutumly işleriň, ägirt uly taslamalaryň ençemesi amala aşyryldy. Ähli pudaklarda düýpli özgertmelere badalga berlip, döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlaryň hatarynda ymykly orun aldy. Däp-dessurlarymyz gaýtadan dikeldilip, milli mirasymyz dünýä ýaýyldy. Daşary ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklary rowaçlyklara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ösüş-özgertmeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze belentliklere göterilýändigini bellemek ýakymlydyr.

Ata Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, halkara giňişlikde binýady berkden tutulan döwletdigini äşgär etdi. Ýurdumyzyň häzirki wagtda dünýäde ýokary depginler bilen ösýän ýurtlaryň birine öwrülmegi bolsa, buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Şonuň üçin Garaşsyzlygymyzyň her bir şanly senesi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan ak ýolunda ösüşlerimiziň ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň beýik ösüşleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Milli Liderimiz bilen dowamat-dowam bolsun!

Baýram ANNAKLYÇEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok