«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsümine gatnaşjaklar üçin

2024-2025-nji okuw ýylynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýörite karary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň gurnamagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsümi başlandy.

Bu möwsüminde okuwçylar ýazmaça görnüşinde 100 sany test soraglaryna jogap bermek esasynda saýlanylar. Sowallary orta mekdepleriň 9-11-nji synplarynyň Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy, Türkmenistanyň medeni mirasy, Dünýä medeniýeti, iňlis dili, rus dili derslerinden bolar. Şeýle hem okuwçylaryň pikirlenişini barlamak maksady bilen akyl-paýhas (IQ, logiki) soraglary hem bolar.

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşigine ýurdumyzyň 10-11-12-nji synp okuwçylary gatnaşyp biler. Bäsleşige gatnaşmak isleýän okuwçylar bilen saýlama test synagy 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň II ongünlüginde geçiriler.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän 10-11-12-nji synp mekdep okuwçylary özleri baradaky maglumatlary 2024-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli möhletde şu e-mail salga ibermeli:parahatchylygynchaparlary@gmail.com

Maglumatlar şu aşakdaky tertipde ýazylmaly:

1.Şahsy maglumatlary (Ady we familiýasy, anyk ýaşaýan salgysy, okaýan mekdebi we synpy, öý we el telefon belgileri, elektron salgysy, mekdep formasynda resminama üçin düşülen 3×4 ölçegdäki suraty hem goşmak bilen);
2. Okuwda, döredijilikde we bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri;
3. Bilýän hem-de öwrenmegi dowam etdirýän daşary ýurt dilleri;
4.Gyzyklanýan bilim ugurlary, gowy görýän güýmenjeleri we.ş.m.

Guramaçylyk topary

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok