Kristiano Ronaldo – “Forbes”-iň iň köp girdeji gazanýan futbolçysy!

Kristiano Ronaldo – öz karýerasynda dördünji gezek “Forbes”-iň iň köp girdeji gazanýan futbolçysy boldy we sanawda birinji orny eýeledi. Saud Arabystanynyň “Al Nasr” toparyna geçeninden soň onuň gazanan girdejisi 260 million dollara ýetdi.

Portugaliýaly ýyldyz futbolçy Ronaldo geçen ýyl Saud Arabystanynyň “Al Nasr” toparyna geçdi. “Forbes” žurnaly 39 ýaşly Ronaldonyň soňky 12 aýda 136 million dollardan (108,7 million ýewrodan) 260 million dollara (205 million ýewro) çenli girdeji gazanandygyny habar berdi.

Ronaldonyň iň uly garşydaşy Lionel Messi Ispaniýaly golfçy Rahm-dan soň üçünji orny eýeledi. Ispaniýaly golfçy Rahm Saud Arabystany tarapyndan goldanýan LIV Golf toparyna geçmek bilen 218 million dollar gazandy.

Bulardan başga-da meşhur futbolçylar Neýmar we Karim Benzema ilkinji onluga girmegi başardylar. “Forbes”-iň habaryna görä, dünýäde iň köp girdeji gazanan 10 türgen soňky 12 aýda salgytlary we beýleki tölegleri hasaba almazdan jemi 1,38 milliard dollar girdeji (1,06 milliard ýewro) gazandy.

Azat HALMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok