Dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi

29-njy noýabrda, paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda 28-nji noýabrda tamamlanan Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi. Çärä Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA), göreşiň bu görnüşi boýunça Afrika bileleşiginiň (AKU) we Ýewropa konfederasiýasynyň (EKC), Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Kuraş federasiýasynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mediaforumda şeýle hem Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döredendigi nygtaldy. Çempionatyň bäsleşikleri «TürkmenÄlem 52oE» emeli aragatnaşyk hemrasy arkaly «Türkmenistan Sport», «Ýaşlyk», Täjigistan Respublikasynyň «Warziş», Özbegistan Respublikasynyň «Sport» teleýaýlymlarynda, şeýle hem ählumumy internet torunda göni ýaýlymda görkezildi.

«Мir 24», «TRT Avaz», “CCTV”, “Euronews” teleýaýlymlarynda bu ýaryşa bagyşlanan ýörite gepleşikler we wideorolikler ýaýlyma berildi. Şeýle hem bu çempionat barada Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň «Asiavision» habarlar toparynyň Halkara habarlar merkeziniň ýaýlyma beriş kompaniýalarynda beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, Kuraş boýunça dünýä çempionaty baradaky makalalar Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň (AIPS) we Sport metbugatynyň Aziýa birleşiginiň (ASPU) neşirlerinde çap edildi. Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly žurnalistler hem iri sport baýramçylygyny şöhlelendirmekde uly işleri alyp bardylar. Olaryň maglumatlarynda Aşgabatda geçirilen çempionatyň guramaçylygynyň ýokary derejesi beýan edilýär.

Şu gezekki çärä gatnaşyjylar Arkadag şäherine baryp gördüler we bu ýerdäki sport desgalaryny synladylar. Desgalaryň enjamlaşdyrylyş derejesi myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Güljennet ATAGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok