Türkmenistanly türgenler Kuraş boýunça dünýä çempionatynda 15 medal gazandylar

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty milli sportumyzyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy. Bu ýaryş dünýäniň dört yklymynyň — Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Günorta we Demirgazyk Amerikanyň sport wekillerini bir ýere jemledi.

Ýaryşyň iki gününiň netijeleri boýunça türkmen türgenleri erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8, jemi 15 agram derejesinde 15 medal gazandylar. Çempionatyň birinji gününde türgenlerimiz 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazanmagyň hötdesinden geldiler.

Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda iki günläp şatlyk-şowhun höküm sürdi. Bu ýerde türgenler medallar ugrunda çekeleşikli göreşleri alyp bardylar. Janköýerlere tolgundyryjy pursatlary bagyşlan ýiti bäsdeşlige, gyzgalaňly çekeleşige garamazdan, ýaryşlar hemmeleri açyklyk, ynanyşmak, dostluk gatnaşyklaryna bolan ymtylmanyň töweregine jemledi. Nobatdaky çempionat daşary döwletleriň sport federasiýalarynyň kuraş sportuny ösdürmekde gazanan tejribeleri we täze işläp taýýarlamalary bilen tanyşmak üçin hem ajaýyp mümkinçilik boldy. Toplanan bu tejribedir bilimleriň geljekde öz netijesini berjekdigi şübhesizdir.

Şu gezekki dünýä çempionaty uly üstünliklere beslendi. Türgenler we janköýerler Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyndan çäksiz lezzet aldylar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň aladalary, ýakyndan goldaw bermekleri netijesinde mümkin boldy.

Ogulgerek MUSAÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň 12-nji orta
mekdebiniň mugallymy,
Kärdeşler arkalaşygynyň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok