Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň III oýny geçiriler

2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Ýaş diplomatlar mekdebiniň guramagynda Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň 3-nji oýny geçiriler.«Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly umumy şygar astynda geçirilýän möwsümiň 3-nji oýny «Owşar döwletiniň daşary syýasaty we halkara gatnaşyklary» diýen temada geçiriler. 

Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň 3-nji oýny bilen baglanyşykly bäsleşige gatnaşýan okuwçylara 20-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty A.Şyhnepesow umumy okuw sapagyny geçirdi.

Ýeri gelende bellesek, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi mekdep okuwçylaryna geljekde halkara gatnaşyklary ugrunda hünärmen bolmaga giňden ýardam edýär. Häzirki wagtda I we II möwsüme gatnaşyjylaryň 20-si Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda okap bilim alýarlar. Şeýle hem bu oýunda ýeňiş gazanan okuwçylar bäsleşigiň ýarym-final tapgyryna çykmaga mümkinçilik gazanarlar.

Jennet MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok