Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeginde Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde täze 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlaýandygyny buşlaýan ilkinji jaň sesi ýaňlandy.
Orta mekdeplerde, ýöriteleşdirilen we ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly çäreler geçirildi. Olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz ýaş nesillere bilimleriň hem-de uly açyşlaryň ýagty ýoluna ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryny, talyp ýaşlaryny, mugallymlaryny hem-de bilim ulgamynyň işgärlerini bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladanyň öz miwesini berýändigini belledi.
Watanymyzda halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýlip atlandyrylan ilkinji sapagyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ägirt uly üstünliklerine, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge bagyşlanmagy tötänden däldir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan çagalara ýörite ornaşdyrylan programma üpjünçilikli kompýuterleriň ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurylmagy şatlykly waka boldy. Bularyň ählisi bu ulgamda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň esasy maksadynyň bilime ähliumumy elýeterliligi üpjün etmekden, ýurdumyzyň her bir raýatynyň öz ukyplaryndan we zehininden doly derejede peýdalanyp bilmegi üçin oňaýly şertleri döretmekden ybaratdygyna şaýatlyk edýär.
Ýaş nesil baradaky alada, ony milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň çäklerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim ulgamyna jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garalýar.
Häzirki wagtda ýaş Türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda ädilýän ädimler, ilkinji nobatda, doly derejeli we köpugurly bilim almak, sazlaşykly ösen ýaş nesli, hakyky watançylary terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýaşlarymyz ýakyn geljekde eziz Watanymyzy täze sepgitlere hem-de uly üstünliklere ýetirmelidir.
Orta mekdeplerde sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işleri yzygiderli kämilleşdirilýär.
Baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylar ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowa ösüp gelýän ýaş nesil barada hemmetraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we döwlet baştutanymyza berk jan saglyk, halkymyzyň abadançylygynyň, eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde uly üstünlikler arzuw etdiler.
Berdimyrat KAKAÝEW
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň başlygy,
TDP-nyň işjeň agzasy.
Teswirler