«Soň­ky jaň» da­ba­ra­laryna taýýarlyk görülýär!

25-nji maý – bu sene biziň ählimiziň aňymyzda-kalbymyzda ýakymly duýgulary oýarýar. Ýaşymyz ýetip, 1-nji sentýabrda ata-enelerimiziň uly arzuwlar bilen ak mekdebe okuwa ugradyşlary ýaly, bu senede-de mugallymlarymyz ýagşydan-ýagşy arzuwlary aýdyp, her bir okuwçysyna ak ýol arzuw edýärler. Bu iki senäniň arasynda, göräýmäge, uly pursat bar hem bolsa, arzuwlar olary golaýlaşdyrýar.

Şu günler ýurdumyzda soňky jaň dabaralaryna giňden taýýarlyk görülýär. Elbetde halkymyzyň toý-baýramlary goşa-goşadan gelýär. Her ýyl bolşy ýaly bu ýyl hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 142 ýyllyk senesiniň toýy bilen birlikde, «soňky jaň» dabaralary şatlyk-şowhuna beslener.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok