«StartUp» ylmy-döredijilik merkezi barada

Häzirki wagtda ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamynda ýaşlaryň ykdysady taýdan özbaşdak bolmagyny, olaryň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady we medeni durmuşa işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmäge hem-de ýaş raýatlaryň hukuklaryny, borçlaryny durmuşa geçirmäge, olaryň döwlet tarapyndan goldanylmagyna gönükdirilen birnäçe ýeňillikler göz öňünde tutulýar.

Belläp geçsek, Türkmen döwlet maliýe institutynyň çäginde 2021-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri «StartUp» ylmy-döredijilik merkezi hereket edip gelýär. «StartUp» merkezi talyplarda işewürlik endiklerini emele getirmek maksady bilen döredilip, häzirki wagtda telekeçiligiň başlangyç tapgyrlaryny ylmy-tejribe taýdan öwrenmäge hem-de bu tejribäni durmuşda peýdalanmagyň usullaryny kesgitlemäge gönükdirilendir.

«StartUp» ylmy-döredijilik merkeziniň esasy maksatlary:

  • talyplaryň ylmy döredijilige bolan gyzyklanmasyny we zerurlygyny döretmek;
  • döredijilikli pikirlenmäni ösdürmek;
  • ylmy täzeçillige, innowasiýa bolan höwesi artdyrmak;
  • giň dünýägaraýyşly, nazary bilimleri tejribe sapaklarynyň (case study) kömegi bilen çuňlaşdyrmak we berkitmek.

«StartUp» ylmy-döredijilik merkeziniň  esasy wezipeleri:

  • talyplaryň ylmy konferensiýalara, ylmy bäsleşiklere, ylmy seminarlara işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek;
  • talyplaryň ylmy döredijilige bolan gyzyklanmasyny döretmek, taýýarlygyň maliýe, salgyt, bank we ätiýaçlandyryş ugurlarynda ylmy meseleleri özbaşdak çözmegiň usulyýetini öwretmek;
  • özbaşdak ylmy gözlegleri geçirmek we ýaşlaryň şahsy başarnyklaryny ösdürmäge ýardam bermek;
  • talyp ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny açmak we olaryň tejribe konstruktorçylyk işini höweslendirip, sanly sowatlylygyny ýokarlandyrmak.

«StartUp» ylmy-döredijilik merkeziniň çäginde önüm öndürilmezden öň geçirilýän seljermeleri, harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagy, haryda bolan islegiň dünýä bazarynda ilerledilmegi, netijeli dolandyryş çözgütlerini kabul etmegi, haryt we gazna biržalarynda araçyllyk hyzmatlaryny, netijeli gepleşikleri alyp barmagyň sungatyny, sanly dolandyryş, sanly marketingiň aýratynlary barada ylmy-amaly sapaklar geçirilýär.

«StartUp» ylmy döredijilik merkezde bilim alýan talyplara dünýä tejribesiniň öwredilmegi hem-de tejribe sapaklarynyň kömegi bilen maglumatlaryň berkidilmegi, olaryň okuwyny gutarandan soňra, ähli ykdysady endikleri özünde jemleýän hemmetaraplaýyn başarnykly hünärmen bolup ýetişjekdigine, ýurdumyzyň ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşjakdygyna güwä geçýär.

Teswirler

Geldi

Startup pudagynda esasy öňdeligiň birini Ysraýyl döwleti eýeleýär. Diňe 2021 ýylda Ysraýyl startuplary 25,6 mlrd$ pul toplady; bularyň 18,64mlrd$ daşary ýurtly maýadarlaryň paýyna düşdi. Tohum bilen toprak bile duşuşanda ekin hasyla durýar; aýratynlykda bimany. Edil şol zeýli parlak pikiri maýadar bilen duşuşdyrjak startup.tm saýty açylsa, höwesjeňleriň rentabl biznes proýektleri kagyz ýüzünde galman durmuşa geçerdi; paýdarlara bolsa goşmaça passiw eklenç çeşmesi dörärdi. Uly geljegi bolan taslamalar: 1)hereketlendiriji, şassi, kuzow, prossesor, ýat, displeý... ýaly her närsede ulanylýan ortak şaýlar (common parts) öndürjek ylmy-önümçilik zawodlary; bu taslama ýurtda senagat bumuna sebäp bolar. Mysal üsti bilen düşündirsek: synpdaky 30 okuwçyň her birine aýratynlykda bir matematika mugallymy tutandan; bir mugallym 30 okuwça sapak geçeni gowy. Hereketlendiriji: maşyna-da gerek, nasosa-da; sowadyja-da gerek, kondisionera-da; stanoga-da gerek uçara-da... ähli närseleri ýekeje "Herekete-bereket" uniwersal hereketlendiriji gigant zawody üpjün edip biler 2) Günden rogbat alyp işlejek dron-traktorlar 3)Çöli maýsalyga öwürjek "bereketli emeli toprak" hem-de öz wagtynda we getekli mukdarda diňe ekine çyglylyk berjek "nano suw kapsula" zawody 4) Gigant miwe getirjek gen inženeriýa tohumçylyk ylmy merkezi 5) Windows, android ýaly operasion sistemalaryny, antiwirus programmalaryny, kompýuter we telefon oýunlaryny çykarjak aýti kompaniýa 6) Hususy halkara uniwersitetler, onlaýn bilim ojaklary. 7)Öz farmasewtika, medtehnika önümçilik kuwwatlyklary bolan halkara hususy klinikalar. 8)Emeli aň we robototehnika 8)Kosmos senagaty...