Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan gurnalýan “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň täze II möwsüminiň ilkinji oýny ýakyn günlerde “Miras” teleýaýlymynda tomaşaçylar köpçüligine ýetiriler.
Şeýle-de, “Dialog-parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti” atly umumy şygar astynda geçirilýän bu bäsleşigiň täze möwsüminiň 2-nji oýny 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň 10-na geçirilýär weonuň temasy “Gadymy Hytaý siwilizasiýasy: köpdürli medeniýetiň birleşdiriji kuwwaty” diýlip atlandyrylýar.
Bu barada institutyň resmi web-saýty (iirmfa.edu.tm) habar berýär.
Kadyrmyrat Öwezgylyjow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.
Teswirler