Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistan-parahatçylygyň Watany” atly fotožurnalistika bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Bäsleşik ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda I we II derejede geçirildi. Ýagny, I derejä žurnalistika hünärinde okaýan talyplar, II derejä bolsa beýleki hünärde okaýan talyplar gatnaşdy.
Bäsleşigiň I derejesi boýunça, 1-nji orna Selbinýaz Goçmyradowa, 2-nji orna Gurbanjemal Egirjäýewa we Merjen Alimowa, 3-nji orna Mahym Annadurdyýewa, Maýa Arazdurdyýewa, Laçyn Mämmetsöýünowa, şeýle-de Ogulmaýsa Baýramowa höweslendiriji orna mynasyp boldular.
Bäsleşigiň II derejesi boýunça, 1-nji orna Çemen Myratjanowa, 2-nji orna Ilham Adyşow we Bezirgen Azarmyradow, 3-nji orna Kerwenmyrat Halmyradow, Gynna Atdaýewa we Hojanyýaz Hanmämmedow, şeýle-de Süleýman Annakulyýew höweslendiriji orna mynasyp boldular.
Ýeňijelere diplomlar we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
KAKAGELDI AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler