Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy häzirki zaman dünýäsiniň döwrebap ösüşi bilen deň gadam basýar. 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» we şol ýylyň 22-nji dekabrynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tapgyrma-tapgyr ýagdaýda üstünlikli durmuşa geçirmeklik bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Häzirki döwürde ylmyň, tehnikanyň batly depginlerde ösmegi, ylmyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy, adamzat ösüşiniň dünýä ýüzüne çalt ýaýylmagy daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegini talap edýär. Galyberse-de, daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegi adamyň dünýä medeni gymmatlyklaryna akyl ýetirmek, dilleri öwrenilýän ýurtlaryň ykdysady, medeni we durmuş derejeleri hakynda maglumatlar bilen ýakyndan tanyşmak, halklaryň milli özboluşlylygyna göz ýetirmek ýaly mümkinçiliklerini artdyrýar.
«Dil — dünýäniň açary», «Dilim bar — dünýäm bar» diýýän pähimdar halkymyzyň ganatly jümleleri döwrümize öwüşgin çaýýar. Ata-babalarymyzyň röwşen ýörelgelerinden ruhlanýan ýaşlarymyz ylmyň-bilimiň dürli ugurlaryndan halkara internet bäsleşiklerine gatnaşyp, dünýä ýaşlarynyň arasynda ukyp-başarnyklary, zehin-paýhasy bilen tapawutlanyp, baýrakly orunlary eýelemegi başarýarlar. Munuň özi ata Watanymyzda ýaşlar syýasatyna, olaryň döredijiligine, ukyp-başarnygyna, ylmy oýlap tapmalaryna döwlet derejesinde örän jogapkärçilikli çemeleşilýändigine şaýatlyk edýär.
Oguljeren TAGANDURDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
«Psihologiýa-pedagogiki bilimi»
ugry boýunça magistranty.
Teswirler