Paralimpiýadaçylaryň arasynda sport festiwaly geçirildi

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesinde, Türkmenistanyň BMG-ä agza döwletleriň sanawyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň we BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň howandarlygynda, kiçi we uly ýaşly paralimpiýadaçylaryň arasynda «Biz güýçlüdiris! Biz deňdiris!» atly sport festiwaly geçirildi.

Geçirilen festiwalda ýaş paralimpiýadaçylar özleriniň ähli ukyp-başarnyklaryny görkezip, sportuň futbol, basketbol, woleýbol ýaly görnüşleri boýunça toparlara bölünip bäsleşdiler. Bäsleşigiň dowamynda ilkinji gezek, görüş derejesi pes bolan adamlar üçin niýetlenen toparlaýyn oýnalýan «Gol, Gol» atly sport oýny oýnaldy. Bu futbol oýny duýgurlygy, çalasynlygy, ezberligi ösdürmäge we güýçlendirmäge uly täsir edýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok