Türkmenistanyň gazananlary «EXPO 2020 Dubai» sergide wagyz edilýär

2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Birleşen Arap Emirliklerinde “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň dabaraly açylyşy boldy. “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň temasy “Ylymlary birleşdirip geljegi döretmek” ady bilen dünýäniň tehniki we tehnoligiki özgerişleri üçin synçy meýdança hökmünde çykyş edýär. Bu sergide dünýä ýurtlary iň ýatda saklaýjy we owadan pawilýon derejesini almak ugrunda göreşýärler.

Bu serginiň açylyş dabarasynda halkara derejeli waka mynasybetli Dubaýyň gök asmanynda uçarlaryň çykyşlary boldy. “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisine ýüzden gowrak döwlet gatnaşýar we şolaryň hatarynda Türkmenistan hem özüniň mynasyp ornuny tutýar. Döwletimiziň milli-medeni äheňde bezelen pawilýony halkymyzyň ýörelgelerini we medeniýetini beýan edýär. Döwletimiziň sergi merkeziniň girelgesinde sergä gatnaşyjy myhmanlary ençeme asyr bäri halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen-ahalteke bedewleri garşylaýarlar.

Türkmenistanyň gazananlary multimedia tehnologiýalary arkaly beýan edilýär. Elektron ekranlarda halkymyzyň haly sungatynyň eserleri, türkmen-ahalteke bedewleri we eziz Diýarymyzyň beýleki baýlyklary hakynda wideoşekiller görkezilýär. Interaktiw gologramma giren her bir adam türkmeniň ak pagtasynyň we bol gallasynyň “sanly” hasylynyň ösüşine syn edip biler.

.

Döwlet JUMAGYLYJOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara
ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok