Prezident Berdimuhamedow KHDR-iň Baştutanyny ýurduň döredilen güni bilen gutlady

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna milli baýram — ýurduň döredilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, KHDR-iň Döwlet işleri boýunça Başlygyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok