Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistan dostlukly we bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan ýörelgeler BMG-niň alyp barýan syýasatyna doly derejede gabat gelýär. Şu nukdaýnazardan hem dünýäde iri halkara guramalaryň biri bolan BMG-niň wekilhanalary, sebit merkezleri Türkmenistanyň paýtagty bolan Aşgabatda hereket edýär. Ýaňy-ýakynda bolsa bu guramanyň ýene-de bir wekilhanasy Türkmenistanda öz işine başlady. BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň (ÝUNOPS) wekilhanasy Aşgabatda açyldy.
BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň (ÝUNOPS) Aşgabatdaky wekilhanasynyň açylyş dabarasyna BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi K. Weýgand, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W. Hajyýew, BMG-niň Aşgabatdaky beýleki wekilhanalarynyň işgärleri, ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
ÝUNOPS BMG-niň ulgamlary, halkara maliýe guramalary, hökümetler we dünýäniň beýleki hyzmatdaşlary üçin taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berýän gurama bolup, ol 1973-nji ýylda döredildi. Ştab-kwartirasy Daniýanyň paýtagty Kopengagende ýerleşýär.
Orazmuhammet HOMMODOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.
Teswirler