Metjitleriň, namazhanalaryň we zyýarathanalaryň çäklerinde keselleriň öňüni almak boýunça geçirilmeli işleriň wagtlaýyn TERTIBI

I. Umumy düzgünler

1. Şu tertip Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylyp, ýurdumyzyň çäklerinde ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça metjitleriň, namazhanalaryň we zyýarathanalaryň işini kadalaşdyrýar.

2.      Türkmenistanyň Keselleriniň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň kabul eden tertiplerini hem-de jemgyýetçilik gigiýenanyň kadalaryny berjaý etmek şerti bilen ýerine ýetirilmeli öňüni alyş-zyýansyzlandyryş işleri şu tertibiň talaplaryna laýyklykda guralýar.

3.      Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda geçiren mejlisinde kabul edilen “Ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça amala aşyrylmaly işleriň wagtlaýyn Tertibiniň” talaplaryna laýyklykda, öňüni alyş işleri berjaý etmek üçin kadaly şertleri guramaçy tarapyndan döredilýär.

II. Metjitlerde, namazhanalarda we zyýarathanalarda gündelik arassaçylyk-zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilişi:

1. Metjitleriň, namazhanalaryň we zyýarathanalaryň girelgelerinde aýakgaplary zyýansyzlandyrmak üçin zyýansyzlandyryş erginli düşekçeler goýulýar we olar yzygiderli zyýansyzlandyryjy erginler (hlor hekiniň 1%-li ergini ýa-da gipohlorid natriniň 0,25%-li ergini, mikrodez zyýansyzlandyryjy serişdesiniň 2%-li ergini, superbendezin zyýansyzlandyryjy serişdesiniň 5%-li we beýleki degişli tertipde tassyklanylan zyýansyzlandyryjy ergini) bilen öllenilip durulýar.

2. Metjitleriň, namazhanalaryň we zyýarathanalaryň girelgelerinde adamlary ýiti ýokanç kesellerden goramak maksady bilen burun boşluklaryna oksolin melheminiň çalynmagy hem-de eller üçin zyýansyzlandyryş erginleri ýa-da antiseptikler bilen zyýansyzlandyrylmagy üpjün edilýär.

3. Metjitleriň, namazhanalaryň we zyýarathanalaryň girelgelerinde adamlaryň beden gyzgynlygynyň galtaşyksyz ölçelmegi we agyz-burun örtükli bolmagy üpjün edilýär.

4. Beden gyzgyny ýokary bolan we ýarawsyzlyk alamatlary bolan adamlary metjitlere, namazhanalara we zyýarathanalara girmeklerine rugsat berilmeýär.

5. Metjitleriň, namazhanalaryň we zyýarathanalaryň otaglarynyň içinde her namazdan öň we soň zyýansyzlandyrylmagyny, üzärlik oty bilen tüsseledilmegini we yzygiderli ýelejiredilmegini üpjün edilýär.

6. Metjitlerde, namazhanalarda we zyýarathanalarda her 2 sagatdan ähli üst ýüzleri (girelgeleriň gapylarynda, gapy tutawaçlarynda, basgançaklarynda, kitap örülýän tekjelerinde, ähli el tutawaçlarynda we şuňa meňzeş ýerlerde) zyýansyzlandyryjy serişdesi bilen süpürilýär.

7. Metjitleriň, namazhanalaryň we zyýarathanalaryň ähli otaglarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan rugsat berilen zyýansyzlandyryjy serişdesini ulanmak bilen arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleriniň gündelik geçirilmegini üpjün edilýär.

8. Metjitleriň, namazhanalaryň we zyýarathanalaryň hajathanalarynda elleri ýuwmak üçin suwuk sabyn, kagyz el süpürgiçler we elleri zyýansyzlandyrmak üçin deri antiseptikleri bilen ýeterlik derejede üpjün edilýär.

9. Metjitlerde, namazhanalarda we zyýarathanalarda işgärleriň iş ýerlerinde elleri zyýansyzlandyrmak üçin şahsy antiseptik serişdeleri üpjün bolmaly.

10. Her anna güni 09:00-dan 17:00-a çenli metjitleriň, namazhanalaryň we zyýarathanalaryň ähli çäginde düýpli arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleri geçirilmeli.

11. Zerur bolan ýuwujy we zyýansyzlandyryş serişdeleriniň ätiýaçlyk gory bilen yzygiderli üpjün edilmeli.

12. Ulanylan agyz-burun örtüklerini atmak üçin ýöriteleşdirilen zyýansyzlandyryjy serişdeli agzy ýapylýan gaplar bilen üpjün edilmeli we olaryň öz wagtynda çetleşdirilmegini ýola goýmaly.

13. Zir-zibil ýygnalýan meýdançalardan zibilleriň gündelik çykarylmagyny, nokatlaryň yzygiderli arassalanyp we zyýansyzlandyrylyp durulmagyny berjaý etmeli.

III. Metjitleriň, namazhanalaryň we zyýarathanalaryň çäklerinde kesgitlenen aralygy saklamagyň talaplary:

1. Metjitleriň, namazhanalaryň we zyýarathanalaryň ýolbaşçylary tarapyndan öňüni alyş çäreleri barada wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirmeli.

2. Metjitlerde we namazhanalarda raýatlaryň arassaçylyk gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmeklerini, agyz-burun örtüklerini dakynmaklaryny, täretli gelmeklerini, ýanlary bilen şahsy namazlyklaryny getirip özleri üçin metjitlerde bellenen ýerlerde namazlaryny okamaklaryny hem-de araçäk saklap, elleşmän salamlaşmaklaryny üpjün etmeli.

3. Metjitlerde we namazhanalarda diňe bäş wagt namazyň okalmagyna rugsat berilýär, juma namazlarynyň okalmagyna rugsat berilmeýär.

4. Ähli metjitlerde we namazhanalarda raýatlaryň namaz okamaklary üçin kesgitlenilen ýerlerde belgileri ýelmemegi, girelgelerde talaplary görkezýän ýazgylary asmagy hem-de bu ýerlerdäki tärethanalary wagtlaýynça ýapylýar.

5. Metjitlere, namazhanalara we zyýarathanalara namaz okamaga gelýän her bir adama düşýän meýdany 5 inedördül metrden az bolmazlygy we adamlaryň arasynda 2 metr araçäk saklanmagy üpjün edilmeli.

6. Metjitlerde bellenilen araçägi saklamak mümkinçiligi ýok ýerlerinde metjitlere 45 ýaşdan ýokary adamlary metjitlere salmaklygy 45 ýaşdan aşak adamlary metjidiň daşynda okamaklyk gurnalýar.

7. Metjitlerde, namazhanalarda we zyýarathanalarda raýatlar tarapyndan jemgyýetçilik iýmitini guramak bilen sadaka berilmegini çäklendirmeli.

8. Şu tertip degişli jogapkär adamlar tarapyndan gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak maksady bilen, Tertip bilen olaryň öz wagtynda resmi taýdan tanyşdyrylymagyny Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetiniň Aşgabat şäher we welaýat müdirlikleri tarapyndan üpjün edilmeli.

9. Şu düzgünleriň ýerine ýetirilişine metjitleriň, namazhanalaryň we zyýarathanalaryň ýolbaşçylary jogapkärçilik çekýär. 10. Şu tertibiň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti, onuň Aşgabat şäher we welaýat müdirlikleri, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy, Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimlikleri hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen bilelikde amala aşyrmaly.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok