Ilatly ýerleri, senagat kärhanalary we oba hojalygyny bol suw bilen üpjün etmek Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mydama üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiziň adamlar üçin edýän atalyk aladalaryny durmuşa geçirmekde sil suwlaryny we kärizleri ulanmaklyk wajyp meseleleriň biri bolup durýar.
Sil akymy tebigatymyzyň biodürlüliginiň üýtgemegine, daglaryň gormagyna, ösümlik gatlagynyň bozulmagyna, dag eteklerinde ýaşaýan ilatlaryň jaýlarynyň ýumrulmagyna, ýollaryň zaýalanmagyna getirýär.
Meniň bu ylmy işimde ygalyň köp mukdarda düşýän dag etek ýerleriniň biri bolan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Nohur obasyny saýlap aldym. Obanyň ýerleşen ýeriniň relýefi beýikli-pesli. Ýeriň umumy ýapgytlylygy uly. Ýeriň ýapgytlylygynyň uludygy sebäpli ýagyn suwlary ýere siňip ýetişmän, pes ýere tarap hereket edýärler we suw akymyny döredýärler. Aşak indigiçe akymyň tizligi, degişlilikde kinetik energiýasy, artýar we sil akymy emele gelýär. Sil-ýokary kinetik kuwwatlylygy bolan daşly suw akymydyr.Daglyk ýerlerde akymyň hereketine garşylyk görkezýän iri we gyrymsy agaçlaryň ýokdugy sebäpli sil akymynyň tizligi uly bolýar. Netijede sil akymy toprak gyrmançalaryny, ownuk we iri çagyllary öz içine alyp, uly tizlik bilen oba tarap okgunly hereket edýär.Güýçli ýagyşda emele gelen sil suwy obanyň çäginde tebigy hadysa döredýär, ýagny jaýlaryň ýykylmagyna, köçeleriň daşly gyrmançalar bilen gömülmegine getirýär.
Ilatly ýerleri silden gorap saklamak üçin sil akymynyň ugrunda dört sany orta beýikli dag daşlaryndan bolan bentleri gurmaklyk iň amatly çözgüt diýip hasap edilýär. Sazlaýjy gatlaklar bilen enjamlaşdyrylan bentler suw basma hadysasynyň öňüni almakdan başgada, sil suwlaryny rejeläp obany we ekerançylyk ýerleri ýylyň dowamynda suw bilen üpjün etmäge mümkinçilik döreder. Bu bolsa Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilatly ýerleri, senagat kärhanalaryny we oba hojalygyny bol suw bilen üpjün etmek baradaky edýän atalyk aladasyny durmuşa geçirmäge belli bir derejede ýardam eder.
Geçirilen çenlik hasaplardan görnüşi ýaly teklip edilýän sil goraýjy desgalar Nohur obasyny suw basmadan doly goramaga, şeýle-de sil suwlarynyň hasabyna suwarymly ekerançylyk ýerleriň meýdanyny köpeltmäge mümkinçilik döreder.
Google Earth Pro saýtyndan alnan foto suratlaryň üsti bilen Nohur obasyna gelýän sil akymynyň ugrunda ýagyn suwlaryny toplamak üçin, meýdany takmynan 1000 ga golaý bolan çöketlik ýerleriň bardygy anyklandy.

Suratdan görnüşi ýaly oba gelýän sil suwlaryň mukdary dört şaha boýunça toplanan suwlaryň jemine deňdir.
Oba gelýän sil suwlaryň akym mukdaryny kesgitlemek üçin ilatly ýerlerde ýagyn lagym ulgamyny taslamakda ulanylýan usul saýlanyp alyndy[1].Oňa laýyklykda sil akymynyň mukdaryaşakdaky formula boýunça kesgitlenilýär:

bu ýerde q- ýagynyň t-wagtyň dowamyndaky öndümliligi, l/sek ga.;
F – sil suwlarynyň toplanýan meýdany, ga.
Nohur obasy üçin Gidrometeorologiýa baradaky döwlet gullugyň berýän magluatlaryna görä 10 ýylyň dowamynda geçirilen gözegçilikleriň maglumatlaryna görä güýçli ýagyşda 1 gektar ýere sekuntda 60 litre golaý ýagyn suwy toplanýandygy mälim edildi.
Berlen maglumatlar esasynda q=0,06m3/ga·sek, ýagyn suwlaryň toplanylýan meýdanyF= 1000 ga, ýagynyň dowamlylygy t=20 mint (t=1200 sekunt) diýip hasap edip Ýagyn suwlaryň toplanylýan meýdany, ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, F = 1000 gektara barabar edip almak bilensil akymynyň mukdaryny kesgitleýäris:



ýagyn suwlaryň akym mukdary,
Sil suwlarynyň umumy göwrümini aşakdaky formula bilen kesgitleýäris:

Bu ýagdaýyň ýylda iki gezek gaýtalanýandygyny göz öňünde tutup

– sil suwy toplanar



Çenlik hasaplamalaryň esasynda dag eteklerindäki ilatly ýerleri sil suwunyň basmagyndan goramak üçin meýdany 16 ga bolan Degirmen dere diýlen ýerde aralyklary 300 m bolan dag daşlaryndan 4 sany bent gurmaklyk göz öňünde tutulýar. Bentleriň beýiklikleri degişlilikde h1=3 m, h2=2,5, h3=2 m, h4=1, 70 m edip gurulýar. Bentleriň her biriniň göwresinde siliň getirýän hapalaryndan goraýjy setka bilen üpjin edilen turbalar ýerleşdirlen. Turbalaryň diametri: d1=700 mm, d2=600 mm, d3=600 mm, d4=800 mm
Sil suwlaryny toplamak üçin IV bentden 300 m uzaklykda meýdany 7 gektar çuňlugy bolsa 4,5 m bolan howdan gurmaklyk teklip edilýär.
PEÝDALANYLAN EDEBIÝATLAR
1. Яковлев С.В.Канализация. Учебник для вузов. / С.В.Яковлев, Я.А.Карелин, А.И.Жуков, С.К.Колобанов. – М.: Стройиздат, 1975 г.
2. Курганов А.М. Таблицы параметров предельной интенсивности дождя для определения расходов в системах водоотведения.- М.: Стройиздат, 1984 г.
3. Климат Туркмении / Travel. Ru / Страны / Туркменистан. – quide.travel.ru> geo > climat.
Annamuhammet SAPARBERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby
Teswirler