Russiýada fewral aýyndan bäri ilkinji gezek işsizlik düşdi.

Sentýabr aýynda zähmet isleginiň dikeldilmegi iş ýerleriniň köpelmegine we işsizleriň sanynyň 6,5 göterime çenli azalmagyna sebäp boldy. Bu, fewral aýyndan bäri ilkinji gezek bolup geçdi diýip, Russiýa Bankynyň analitikleri “Ykdysadyýet” maglumat we analitiki düşündirişiň nobatdaky sanynda bellediler. Merkezi bankyň habaryna görä awgust aýynda işsizlik 6,6% boldy.
Şol bir wagtyň özünde, analitikler işiň dikeldilmeginiň bolup biläýjek durnuksyz tebigatyny, epidemiologiki ýagdaýyň zähmet bazaryna ýaramaz täsirini belleýärler. Merkezi bank: “Býudjet pudagynyň goldawyna garamazdan, awgust aýynda aýlyk hakynyň ýyllyk ösüşi 3,7% -e (iýul aýynda – 6,4%) peseldi” -diýdi.
Analitikler şol bir wagtyň özünde hususy pudakda hakyky aýlyklaryň ýyllyk pese gaçýandygyny we söwda, ulag, gurluşyk, önümçilik, myhmanhana we restoran hyzmatlary ýaly pudaklarda aýlyklaryň geçen ýylkydan pes bolandygyny aýdýarlar.

Amansähedowa AKGÜL,
Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok