Ýyldyzlary jemleýän Katar-2020

Dünýäniň iň bir gyzykly oýunlarynyň biri bolan 2022-nji ýylda geçiriljek  Futbol boýunça dünýä çempionaty Katar döwletinde geçiriler. Bu barada, Katar döwletinde geçiriljek ýaryşyň guramaçylyk komitetiniň baş müdiri bolan Nasser Al-Halter “Katar döwletinde geçiriljek FIFA dünýä çempionatynyň infrastrukturasy, şeýle hem ähli taslamlary takmynan 90% göterim taýýar” diýip, belläp geçdi.

Mundan başga-da, Janni Infantino ýagny, Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Katarda geçiriljek Futbol boýunça dünýä çempionatynyň  guramaçylary bilen özüniň nobatdaky iş saparyny geçirdi. Şeýlelikde,  iş saparyň netijesinde “Al-Baýt” stadiony doly derjede tamamlanmadyk ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdy. Şeýle hem, Jani Infantino “2022-nji ýylda Katar döwletinde geçiriljek Futbol boýunça dünýä çempionatynyň stadionynda oýnamak diýseň begendirýär” diýip, belleýär. Bu 60 müň adamlyk stadionda Futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş oýnuna badalga beriler.

Katar döwletinde geçiriljek Futbol boýunça dünýä çempionaty 21 noýabrdan başlanyp, 18-nji dekabr aýynda hem tamamlanar.

Hudaýberdiýew AÝMYRAT
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok