2020-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleri bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň hem-de Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport institutynyň arasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wideoaragatnaşyk arkaly ýörite okuw sapagy gurnaldy.
Sapagyň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary talyplaryň öňünde Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň oňyn ähmiýeti, ýyllaryň dowamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler hem-de Bitaraplygyň 25 ýyllyk tejribesiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolýandygy dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler