Wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklar geçirildi

Halkara sambo federasiýasynyň ýolbaşçysy Wasiliý Şestakow bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Söweş sungaty Milli federasiýasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Oňa gatnaşanlar 2022-nji ýylda Aşgabat şäherinde sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek bilen bagly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şonuň ýaly-da, taraplar sambo boýunça dünýä çempionatyna türkmen türgenlerini taýýarlamak bilen baglanyşykly Iş meýilnamany durmuşa geçirmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara Sambo Federasiýasy bilen Türkmenistanyň Milli Söweş sungaty federasiýasynyň, şeýle-de, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

* * *

Şeýle-de, şol gün Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Prezidenti Dawid Lappartien bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Taraplar 2021-nji ýylda Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny guramagyň we geçirmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar.

2018-nji ýylda Halkara welosipedçiler birleşigi Aşgabada dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny beripdi. Bu barada «Türkmen sporty» gazeti habar berýär.

Gurbangeldi Ataşow,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok