1-nji sentýabr – Her adama bir zat diýýär…

Şu gün Sentýabryñ 1-i. Güýzüñ ilkinji güni. Okuwçylaryñ hersine aýry bir duýgy.

Ilkinji gezek mekdebiñ gapysyndan ädim ätjek birinji synp okuwçylar üçin – täze durmuş başlanýar. Belkem, başlangyç synp mugallymlary, olaryñ durmuşynda ýatdan çykmajak, mähriban adam bilen tanyşjaklar, hem-de ýol-ýörelgeleri boljak kitaplar äleminiñ gapysyndan hem içeri girjekler. Iñ gymmat hazynalardan bolan okamagy, ýazmagy öwrenjekler. Ýene öwrenjek zatlary boljak, Kerim aganyñ setirlerinde agzalanlary öwrenjekler:

Ilkinji salamy şondan öwrendik.
Salamy ozalam bilýärdik weli,
Salam diýen sözüň uly manysyn
Ilki öwredipdi mugallym dili.

Ilkinji edebi şondan öwrendik.
Edebi ozalam bilýärdik weli,
Edep diýen zadyň uly manysyn
Has aýdyň edipdi mugallym dili.

Ikinji synpdan onunjy synp okuwçylar üçin täze alynan egin-eşiklerinden, okuw esbaplaryna gowuşjaklar. Has hem dostdur, joralaryna. On birinji synp okuwçylary bolsa mekdebe täzeden ädim ätjeklerine begenjeklermi, ýa bolmasa soñky okuw möwsümlerinden soñ täze durmuşlaryna geçmegiñ begenjinden beter, mekdepden, synpdaşlaryndan aýryljaklaryna gynanyp başlajaklar. Elbet-de mekdep ýyllary adama ýatdan çykmajak duýgylary yz goýup gidýär.

Elbetde, 1-nji sentýabr, täze talyplar üçin ýokary okuw jaýlarynyñ bosagasyndan ädim ätmek diýmek, täze durmuş diýmek. Ylymlaryny has hem mäkemleşdirmek diýmek. Şonsuzam, 1-nji sentýabr Bilimler we talyp ýaşlar güni, ahyry. Ajaýyp zamanamyzda, Arkadagly diýarda talyp bolmagyñ özi hem bagt…

Türkmen edebiýatynda 1-nji sentýabr diýmek – azajygam bolsa, gynanç diýmek. Sebäbi Türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýup giden Kerim Gurbannepesowyñ aradan çykan güni. Kerim Gurbannepesow diýmek, şygyr diýmek, öwüt-ündew diýmek, millilik diýmek, ene dilimiz diýmek, halypa diýmek, arasynda degişme diýmek…
Kerim aga aýatda gezip ýören döwründe ençeme goşgulary aýdyma öwrülen ägirtdir, muña şaýat Sahy Jepbaryñ: “Kerim Gurbannepesowyñ gosgularynyñ köpüsi dörände öz nepis sazy bilen bile dünýä inen, bize sol ajaýyp heñi tapaýmak galýar. Ol heñem başga ýerden däl-de, halkyñ içinde öñden ýaşap ýören äheñleriñ, heñleriñ arasyndan gözlemeli” sözüdir. Mysal bersek: “Gumly gelin”, “Altyñ biri”, “Ýaşlyk dramasy”, “Daglar”, “Ýarap borka”, “Gopuzly gyz” ýaly goşgulary subut eder. Bulardan başga käbir goşgulary toýlarda, meýlislerde, çykyşlarda häzir hem okalyp dur.

Ýene-de bellemeli esasy zatlarymyzyñ biri hem güýzüñ başlangyjy diýmekdir 1-nji sentýabr. Güýz diýenimizde bolsa ýene-de bir çynarymyz Gurbannazar Ezizow ýada düşýär. Sebäbi Gurbannazar Ezizowa “Güýzüñ waspçysy” diýilmegidir. Şahyr güýz paslyny şeýlebir söýüpdir, her bir wagtyny, durkuny, tebigatyny, görküni edebi taýdan, filosofiki taýdan, sosýologiki taýdan ele alyp, bize görkezipdir. Şu setirleri mysal getirsek, ýerlikli bolar:

Söýýän güýz paslyny,
Sarylygyny.
Göwnüme hoş ýakýar onuň pes päli.
Ölüm bilen ömrüň aralygyny
Ölçemeli ýaprak şahada häli.

Ýaprak bagdan gaçmasa,
Güýzüň görki näm bolsun?!
Otlaň reňki öçmese,
Güýzüň görki näm bolsun?!

Gurbannazar Ezizowyñ “Güýz” sonetler çemeni, “Güýz”, “Aýralyk pasly”, “Güýz gijesi”, “Güýz bilen söhbet”, “Güýz peýzažy” goşgulary gönüden-göni güýz paslyny ele alan bolsa, “Durna”, “Baharda gül ýagdy” ýaly goşgularynda ýene-de güýz pasly agzalyp geçilýär.

Elbet-de, 1-nji sentyabr diýmek, ene-atalar üçin hem begenç, hem başagaýlyk diýmek. Sebäbi iñ gymmatly hazynasy mekdebe tarap ýola düşýär….

Hudaýberdi Baýew

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok