Taekwando boýunça Mary welaýat çempionaty üstünlikli geçirildi

Sportyň Taekwondo görnüşi boýunça  Mary welaýatynyň çempionaty Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebinde geçirildi. Bu ýaryşa Mary welaýatynyň dürli sebitlerinde ýerleşýän sport mekdepleriniň ählisiniň ýaş taekwandoçy türgenleri hem gatnaşdy.

Welaýat çempionatynda Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň taekwandoçy türgenleri üstünlikli çykyş edip, örän ýokary netije görkezmeklik bilen, sebitiň beýleki sport mekdepleriniň türgenlerinden tapawutlanmagy başardylar.

Netijede, Taekwondo boýunça welaýat çempionatyna Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň tälimçisi, milli derejeli emin Kaýumberdi Annadurdyýewiň taýýarlan türgenlerinden jemi 30 türgen gatnaşyp, olardan 9 sanysy birinji ýeri eýeläp, 9 sany altyn medala, 10 sany ikinji ýeri eýeläp 10 sany kümüş medalyň, 2 sanysy üçünji ýeri eýeläp, 2 sany bürünç medala eýe boldular.

Şeýlelikde, bu sport mekdebi bu gezekki welaýat çempionatynda 21 sany medala eýe bolup, 21 sany türgeni paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşmaklyga hukuk gazandy.

Aşgabatda şäherinde geçiriljek bu çempionata gatnaşmaga hukuk gazanan Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň welaýat çempionatynda birinji orny eýelän türgenlerinden Gadyr Mustapaýew, Şatlyk Kelenow, Nurmuhammet Gylyçnyýazow ýaly türgenler  ozalam 1-2  ýyldan bäri Türkmenistanyň çempionatynda baýrakly orunlara mynasyp bolup, üstünlikli çykyş edip gelýän türgenlerdir. Munuň özi bolsa, bu türgenleriň paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň indiki çempionatynda-da üstünlikli çykyş etjekdiklerini görkezýär.

Toýly Janädow 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok