DYNÇ GÜNI 9-NJY MARTA GEÇIRILDI

Ýurdumyzyň ilatynyň Halkara zenanlar gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2020-nji  ýylyň   8-nji  martyndaky  dynç  gününi 9-njy marta — duşenbe gününe geçirildi. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok