Aşgabatda jemgyýetdäki habarlary beýan etmek boýunça okuw seminary geçirilýär

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşyk guramasynyñ Aşgabatdaky Merkeziniñ guramagynda “Döwlet edaralary bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly netijeli özara gatnaşyk başarnyklary” atly iki günlük okuw seminarynyñ açylyş dabarasy boldy. Oña halkara guramalaryñ wekilleri, Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniñ, internet saýtlarynyñ wekilleri gatnaşdy.

Ilki bilen Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Natalýa Drozd çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyñ halkara guramalar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyñ barha rowaçlanýandygyny belledi. Şeýle-de ol döwlet edaralaryndaky alnyp barylýan işleri, gazanylýan üstunlikleri gysga setirleriñ üsti bilen halk köpçüligine ýetirmek, şol sanda internet neşirleriniñ üsti bilen ýetirmek baradaky alnyp barylýan işleriñ gerimiñ giñeldilýändigini birnäçe magumatlaryñ üsti bilen beýan etdi.

Häzirki wagtda internet neşirlerine bildirilýän islegler barha artýar. Talapkär okyjylar jemgyýetde bolýan wakalary gysgyny, täsiri bilen bilmek isleýär. Şonuñ üçin hem dürli ugurlarda habarlary beýan edýän internet neşirleriniñ sany barha artýar.

Okuw seminaryñ dowamynda Polşaly halkara ekspert Ewa Lukasik bilen gürrüñdeş bolanymyzda, ol: “Aşgabada ilkinji gezek gelýaärin. Şäher gözelligi mende uly täsir galdyrdy. Ak mermerli binalaryñ binagärlik aýratynlygy has-da özüne çekiji. Aşgabat barada internet neşirlerinde birnäçe gyzykly maglumatlary okapdym. Ýöne şol magtumatdaky gözellikleri ýakyndan synlamak ýakympy.

Aşgabadyñ iñ bir gözel künjegi bolan “ Ýyldyz” myhmanhanasynda öz işine başlan okuw seminarynda beýan edilýän çykyşlaryñ her biri täsirli. Onda aýratyn hem häzirki wagtda habarlary gysgyny bilen, täsirliligi bilen beýan etmegiñ iñ ygtybarly ýoly bolan, bütin dünýäde uly isleg bildirilýän internet neşirlerindäki wakalaryñ beýan ediliş aýratynlyklary barada bellenildi.

Türkmenistanda hem internet neşirlerine uly üns berilýän eken. Biz muny şu günki okuw seminaryna gatnaşýan saýtlaryñ wekilleriniñ mysalynda hem görýäris. Şeýle okuw seminaryna gatnaşmaga, türkmenistanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniñ, internet saýtlarynyñ wekilleri bilen pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin guramaçylara sagbolsun aýdýaryn” diýip belläp geçdi.

Okuw seminarynyñ ilkinji güni welikobritaniýaly halkata ekspert Marek Berikman hem çykyş etdi. Okuw seminary ertir – 4-nji martda öz işini tamamlar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok