Bilim — kämilligiň ak ýoly

Adamzat taryhynda islendik jemgyýetiň ösüş ýoly ylmyň we bilimiň ynsany her taraplaýyn kämillige ýetirýän güýçdügini subut edýär. Bilim diňe bir ykdysady we tehnologik ösüşiň däl, eýsem, ynsanyň ruhy hem-de ahlak kämilliginiň hem ak ýoludyr. Häzirki zaman dünýäsinde islendik döwletiň beýik geljegi ýetişip gelýän nesilleriň intellektual derejesine, olaryň ylma bolan höwesine we alýan biliminiň hiline göni baglydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny düýpli kämilleşdirmek, ýaşlara döwrebap bilim bermek döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Biz, mugallymlar hökmünde, synp otaglaryna we auditoriýalara gadam basan pursadymyzdan başlap, her bir okuwçynyň we talybyň gursagynda ylma bolan söýgini oýarmagy mukaddes borç hasaplaýarys. Kämillik ýoluna gadam basan ýaşlaryň innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň we internet merkezleriniň döredilmegi ýaşlaryň dünýä ylmynyň gazanan iň soňky üstünliklerini bökdençsiz özleşdirmegine giň ýol açýar. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribelerini milli aýratynlyklarymyz bilen utgaşdyrmak arkaly mugallymçylyk usulyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we okuwçylarymyza has kämil bilim bermäge doly mümkinçilik alýarys.

Bilimli nesil islendik döwletiň sarsmaz sütünidir we onuň iň gymmatly hazynasydyr. Şoňa görä-de, ýokary we orta mekdeplerde döredilýän ähli döwrebap şertler ýaşlaryň nazary bilimlerini amaly endikler bilen baýlaşdyrmagyna, zehinli talyplaryň ýokary okuw mekdeplerinde täzeçe ylmy-barlag we döredijilik işleri bilen meşgullanmaklaryna giň ýol açýar. Bilim arkaly gazanylan kämillik ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmegiň we durnukly ösüşi üpjün etmegiň ygtybarly kepilidir. Mekdeplerde we uniwersitetlerde döredilen bu mümkinçilikler biziň geljegimizi gurjak täze nesliň kemala gelmegine ýardam berýär.

Biz — bilim işgärleri, mugallymlar ýaş nesillere döwrebap ylymlary öwretmäge, olary kämillik ýoly bilen öňe alyp barmaga we yhlasly zähmet çekmäge ähli amatly şertleri hem-de giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys!

Mahym TAGANOWA,

Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok