Türkmen alymlary halkara bäsleşikde üstünlik gazandy

Türkmenistanly ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Indoneziýanyň Bali welaýatynyň Denpasar şäherinde 17–19-njy aprel aralygynda geçirilen II Bütindünýä durnukly ösüş innowasiýalarynyň halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler. Bu abraýly ylmy bäsleşige 12 ýurtdan ýaş alymlar, mugallymlar we hünärmenler gatnaşdy.

Türkmenistandan S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşyp, ýurdumyza mynasyp wekilçilik etdiler.

Oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri «Taslama we gurak sebitler üçin gün distillýasiýasynyň awtonom ulgamyny optimizasiýalaşdyrmak» atly ylmy taslama bilen çykyş etdiler. Daşky gurşawy goramaga gönükdirilen bu iş halkara eminler tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.

Şeýle-de, lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary «Aral deňziniň ekologik meselelerini çözmegiň ýollary» atly ylmy derňew taslamasy bilen çykyş edip, aýratyn tapawutlandylar. Olaryň işi hem innowasiýalylygy we amaly ähmiýeti bilen bilermenleriň ünsüni çekdi.

Bäsleşigiň netijelerine görä, Türkmenistanyň wekilleri iki ugur boýunça hem ikinji orny eýeläp, kümüş medallar we degişli diplomlar bilen sylaglandylar.

Bu üstünlik türkmen ýaş alymlarynyň ylma bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny, şeýle-de ýurdumyzda ylmy-barlag işlerine döwlet derejesinde berilýän goldawyň netijelidigini görkezýär.

Umarbek JUMANIÝAZOW,

Türkmen oba hojalyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok