Türkmen agyr atletikaçylar Olimpiýa saýlama ýaryşynda üstünlikli çykyş edýärler

Daşkent şäherinde (Özbegistan) agyr atletika boýunça 6-njy halkara raýdaşlyk çempionaty dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde Tokioda guraljak tomusky Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşy bolup durýan bu bäsleşikde Türkmenistanyň ýygyndysy üstünlikli çykyş edýär.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Ýulduz Jumabaýewa 49 kg. agram derejesinde çykyş edip, silterläp götermekde kümüş medal, itekläp götermekde altyn medal gazandy. Umumylykda 168 kilogram göteren Ý.Jumabaýewa kümüş medalyň eýesi boldy.

Lebap welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Dänew şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Seýitjan Mirzaýew  61 kg. agram derejesinde çykyş edip, silterläp götermekde altyn medal gazandy. Ol umumylykda 280 kilogram göterip, ýaryşy bürünç medal bilen jemledi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Kristina Şermetowa bürünç medallaryň 3-sini gazandy. Ol 55 kg. agram derejesinde çykyş edip, umumy görkezijisi 195 kilograma deň boldy. Netijede, 3 görnüşde hem bürünç medal gazandy.

 Daşkentde dowam edýän Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşy 2020-nji ýylyň 12-nji fewralyna çenli dowam eder.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok